Lebapda “Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwal geçiriler

Lebapda “Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwal geçiriler

Şu ýylyň 11 — 14-nji oktýabry aralygynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde “Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwaly geçirmek meýilleşdirilýär. Onuň guramaçylyk meseleleri barada 13-nji iýulda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda “Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwalyň Düzgünnamasy işlenip taýýarlanyldy. Festiwalyň çäklerinde halk senetçiliginiň we amaly-haşam sungatynyň dürli ugurlary boýunça sergi-ýarmarkalary guramak, ussatlyk sapaklaryny, ylmy-amaly maslahatlary we beýleki çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow “Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwaly bellenilen möhletlerde geçirmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere bu çäräni ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.