Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (04.07 — 10.07)

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (04.07 — 10.07)

Howa maglumaty gullugy geljek hepde öňkülere garanda az-kem salkyn bolar diýip çaklaýar. Kä günler käbir sebitlerde gündizlerine temperaturanyň aňrybaş derejesiniň +30-a çenli aşaklamagyna garaşylýar.

Aşgabatda we Ahal welaýatynda duşenbe we sişenbe günleri aňrybaş temperaturanyň +31 - +32 dereje töwereginde bolmagyna garaşylýar. Çarşenbe güni howa +34 derejä çenli gyzar we penşenbede +33 derejede saklanar. Anna güni termometriň sütünjiginiň +35 derejä galmagyna garaşylýar. Dynç günleri howanyň +36 - +37 derejä çenli gyzmagy mümkin.

Balkan welaýatynda duşenbe güni howa +31 dereje bolar diýip garaşylýar. Sişenbe we çarşenbe günleri termometriň sütünjiginiň +33 derejä ýetmegi mümkin. Penşenbe güni howanyň +35 dereje bolmagyna garaşylýar. Anna güni howanyň +37 derejä çenli gyzmagy mümkin. Dynç günleri hasam yssy bolar - howa şenbe güni +38 we ýekşenbe güni +40 dereje bolmagy mümkin. 

Daşoguz welaýatynda duşenbede temperatura +30 dereje bolar. Sişenbe güni howa öňküsinden gyzyp, +33 derejä ýeter. Çarşenbe güni termometriň sütünjigi ýene +30 derejä dolanyp barar. Howa maglumaty gullugy penşenbe we anna günleri howa +31 dereje bolar diýip çaklaýar. Dynç günleri temperaturanyň +35 derejä çenli ýokarlanmagy mümkin. 

Mary welaýatynda tutuş hepdeläp diýen ýaly temperatura +34 - +35 derejelerde saklanar. Diňe ýekşenbe güni howanyň +37 derejä çenli gyzmagy mümkin. Şonuň ýaly-da, duşenbe güni tizligi sekuntda 17 metre ýetýän şemal öwser.

Lebap welaýatynda duşenbe güni tizligi sekuntda 20 metre ýetýän güýçli şemalyň bolmagyna garaşylýar. Temperatura duşenbeden penşenbä çenli +35 dereje töwereginde saklanar. Anna güni aňrybaş temperaturanyň +33 derejä çenli aşaklamagyna garaşylýar. Dynç günleri bolsa, şenbe güni +35 we ýekşenbe güni +36 dereje bolar diýip çaklanylýar.