Iýun aýynda Italiýada inflýasiýa 36 ýylyň dowamyndaky iň ýokary derejä ýetdi

Iýun aýynda Italiýada inflýasiýa 36 ýylyň dowamyndaky iň ýokary derejä ýetdi

Iýun aýynda Italiýada inflýasiýanyň derejesi ýyllyk aňlatmasynda 8%-e çenli ýokarlandy, bu 1986-njy ýylyň ýanwar aýyndan bäri iň ýokary görkezijidir. Şeýle deslapky hasaplamalary Italiýanyň statistika instituty (ISTAT) berýär. Muny TASS ýetirýär.

“Iýun aýynda inflýasiýa ýene çaltlaşyp, 1986-njy ýylyň ýanwar aýyndan bäri (şonda +8,2% bolupdy) hasaba alynmadyk derejä (+8,0%) ýetdi” – diýlip, resminamada aýdylýar. Şol bir wagtyň özünde, hünärmenler inflýasiýanyň diňe bir energetika pudagynda däl, eýsem beýleki haryt pudaklarynda-da, hem haryt gurşawynda, hem hyzmatlar gurşawynda ýokarlanýandygyny belleýärler.

Şeýlelikde, azyk önümleri üçin bahalaryň ýokarlanmagynyň çaltlaşmagy sarp ediji sebediniň 8,3% gymmatlamagyna getirdi (bu hem 1986-njy ýylyň ýanwar aýyndan bäri iň ýokary görkeziji).
Italiýanyň Merkezi banky (Bankitalia) 2022-nji ýylda inflýasiýanyň 6,2%-e, tomusda Russiýanyň energiýa üpjünçiligi bes edilen ýagdaýynda 8%-e çenli ýokarlanjakdygyny çaklaýar.