Marca: Messi “PSŽ-ä” ýylda 700 mln ýewro getirdi

Marca: Messi “PSŽ-ä” ýylda 700 mln ýewro getirdi

Lionel Messi bilen şertnama baglaşmak Fransiýanyň “PSŽ” klubuna ýylda, takmynan, 700 mln ýewro gazanmaga mümkinçilik berdi. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, bu mukdar imij hukuklaryndan, marketingden we oýunlary geçirmekden gelýän girdejileri öz içine alýar diýip, championat.com belleýär.

Şeýle-de, çeşme 35 ýaşly Messiniň transferiniň “PSŽ-ä” 10 sany täze hemaýatkärlik şertnamasyny baglaşmaga we klubuň sosial ulgamlarynda abunaçylaryň sanyny 15 mln köpeltmäge mümkinçilik berendigini habar berýär. “PSŽ” ilkinji gezek bir futbolçynyň milliondan gowrak futbolkasyny satdy.  
Şu gün, 24-nji iýunda Messi özüniň 35 ýaşyny belleýär. Ol 2021-nji ýylyň tomsunda erkin agent hökmünde parižlileriň oýunçysy boldy. Ol “PSŽ” üçin 34 oýunda 11 gol geçirip, 15 netijeli geçirim etdi. Taraplaryň arasyndaky şertnama ýene bir ýyl hereket edýär.