Toyota we Subaru müňlerçe elektromobillerini yzyna gaýtaryp alýar

Toyota we Subaru müňlerçe elektromobillerini yzyna gaýtaryp alýar

Ýaponiýanyň Toyota Motor kompaniýasy bZ4X elektromobilleriniň birinji tapgyryny önümçilikde goýberilen kemçilik bilen  bagly yzyna gaýtaryp alýar. Ýöriş wagtynda olaryň tekerleri gopup gaçyp bilýän eken. 

Mesele - tekeriň bolt bilen berkidilmesinde. Häli-şindi gaýtalanýan batly öwrülmeler we tormoz tutmalar sebäpli boltlar gowşap bilýär, bu bolsa adaty däl galmagally sesiň çykmagyna getirýär. Iň ýaramaz ýagdaýda tekerleriň gopup gaçmagy mümkin. 

Kompaniýa dünýä boýunça, esasanam Ýewropadan 3000 töweregi elektromobilini yzyna gaýtaryp alýar. Şonuň bilen birlikde, Subaru-da hem şonuň ýaly mesele bar - olaryň Solterra elektromobili Toyota bilen bilelikde işlenip taýýarlandy.
Tehniki taýdan bular örän meňzeş ulaglar bolansoň, olaryň kemçiligi hem meňzeş. Subaru 2500-den gowrak elektromobili yzyna çagyrýar.