Serdar Berdimuhamedow Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylary gutlady

Serdar Berdimuhamedow Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylary gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýyl Mary welaýatynda bellenilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara Gutlag iberdi. Onda: "Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredijilik işgärlerimiziň çekýän asylly zähmetine biz uly hormat goýýarys. Olaryň kämil, döwrebap eserleri döretmekleri, mynasyp durmuşda ýaşamaklary we döredijilikli işlemekleri üçin ähli şertleri döredýäris" diýlip bellenilýär.

Gutlagda nygtalyşy ýaly, şu ýyl onunjy gezek geçirilýän Medeniýet hepdeligi ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny täze ösüşlere besleýän, eziz Watanymyzyň döredijilik kuwwatyny has-da artdyrýan özboluşly sungat baýramydyr.

ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilen gymmatlyklarymyzy wagyz etmek, muzeýleriň iş tejribesini öwrenmek, özleşdirmek, öý muzeýleriniň işini kämilleşdirmek, milli taryhy-medeni mirasymyzy aýap saklamak, oba medeniýet öýleriniň işini döwrebaplaşdyrmak, tans we folklor sungatynyň gadymy nusgalaryny dikeltmek, teatr sungatynyň täze eserlerini döretmek boýunça geçiriljek maslahatlar, sergiler, täze filmleriň görkezilişleri, döredijilik toparlarynyň konsertleri Medeniýet hepdeligini ýatdan çykmajak wakalara beslär. Ýurdumyzyň şahyrlarynyň gatnaşmagynda geçiriljek şygryýet agşamlary, çeper goşgy okaýyşlar bolsa türkmen edebiýatyny döwrebap eserler bilen has-da baýlaşdyrar.

"Türkmen halkynyň şöhratly taryhynda aýratyn orny eýeleýän gadymy Mary topragynda taryhy-medeni ýadygärliklerimiziň, milli gymmatlyklarymyzyň, tebigy täsinliklerimiziň ençemesi ýerleşýär. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilen «Gadymy Merw» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çägindäki, şeýle hem Goňurdepe, Daňdanakan we beýleki birnäçe taryhy ýadygärlikler medeni gymmatlyklarymyzyň, milli mirasymyzyň genji-hazynalarydyr" diýip, döwlet Baştutany Gutlagynda belleýär.