Serdar Berdimuhamedow Farap etrabynda gaz paýlaýjy täze beket açdy

Serdar Berdimuhamedow Farap etrabynda gaz paýlaýjy täze beket açdy

18-nji iýunda Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň çäginde ýerleşýän «Gadyn» gaz ýygnaýjy bekediniň açylyş dabarasy boldy. Dabara welaýata saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiri habar berýär.

Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow türkmen tebigy gazyny dünýä döwletlerine, şol sanda Hytaý Halk Respublikasyna eksport etmekde uly ähmiýete eýe bolan täze desganyň işine ak pata berdi. Ýörite monitor arkaly dabara gatnaşyjylara bekediň işleýşi animasion şekilleriň üsti bilen görkezildi.
Dabaranyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň wekilleri hem çykyş etdiler.