Bäş ýaşly gyzjagaz kitap ýazyp dünýä rekordyny goýdy

Bäş ýaşly gyzjagaz kitap ýazyp dünýä rekordyny goýdy

Angliýadan bäş ýaşly gyzjagaz kitap ýazy­p, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ki­tabyň bezegini hem onuň özi ýerine ýetir­di diýip, UPI agentl­igi habar berýär. Mu­ny gazeta.ru ýetirýär.

Bella Jeý Dark resmi taýdan dünýäde iň ýaş ýazyjy bolup, rek­ord goýdy. Onuň “Azaşan pişik” kitaby 1000-den gowrak nus­ga bilen ýaýrady. Es­eriň nusgasynyň ýaýr­adylmagyna kömek eden ejesi Çelsi gyzyna örän buýsanýandygyny aýdýar.​

“Azaşan pişik” – bu köçede azaşyp, nä­tanyş ýerlerde ejesiz aýlanmaly däldigine düşünen pişik bara­daky hekaýadyr. Çelsi bu hekaýa kiçijik çagalar üçin öwrediji bolar diýip hasapl­aýar.​

“Ol [Bella] bir sura­tdan başga ähli sura­tlary özi çekdi” – diýip, Çelsi aýdýar.

Gyzyň ejesi Bellanyň ýazyjylyk zehinini ösdürjekdigine we “A­zaşan pişigiň” do­wamyny ýazjakdygyna ynanýar.