Serdar Berdimuhamedow Maryda haj zyýaratynyň sadakasyny berdi

Serdar Berdimuhamedow Maryda haj zyýaratynyň sadakasyny berdi

17-nji iýunda Mary welaýatyna toý saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow welaýatyň “Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanynda gurlan, köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenen 3 müň orunlyk binanyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl Mary welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda bu binanyň düýbi tutuldy.
Bu ýerde welaýatyň birleşen döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary guraldy. Arkadagly Serdarymyz ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen täze binanyň toý bagyny kesdi. Bu ýerde Prezident Serdar Berdimuhamedow toý sadakasyna gatnaşdy. Döwlet Baştutany tagam çekilmezden ozal, ýygnananlaryň öňünde gutlag sözi bilen çykyş etdi.
Arkadagly hajy Serdarymyz ýakynda Mekge-Medinede bolup, ol ýerde haj zyýaratyny berjaý edendigini, şonda mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkymyzyň hemişe abadan, parahat durmuşda ýaşamagy üçin ýagşy doga-dilegleriň edilendigini aýtdy.
Hormatly Prezident çykyşynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly hajynyň adyny göterýän metjide baryp, keramatly Käbeden berlen teperrigiň şol ýerde goýlandygyny aýdyp, onuň ýurdumyzyň beýleki welaýatlaryndaky metjitlerinde hem goýuljakdygyny, ildeşlerimiziň bu mukaddesligi ýüzlerine sylyp, doga-dilegler etmek mümkinçiligine eýe boljakdygyny belledi.
Soňra şanly waka mynasybetli bu ýerde toý sadakasy berildi.
Soňra döwlet Baştutany täze binadan çykyp, Mary welaýatynyň häkimine täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.