Serdar Berdimuhamedow eýranly kärdeşini VI Hazar sammitine gatnaşmaga çagyrdy

Serdar Berdimuhamedow eýranly kärdeşini VI Hazar sammitine gatnaşmaga çagyrdy

15-nji iýunda geçirilen Tähran duşuşygynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Hazar gün tertibiniň möhüm meselelerine ünsi çekmek bilen, olaryň şu ýylda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän VI Hazar sammitinde hem ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz eýranly kärdeşi Seýed Ebrahim Raisini bu ýokary derejeli duşuşyga gatnaşmaga çagyrdy. 

Prezident Serdar Berdimuhamedow giňeldilen düzümdäki gepleşikleriň dowamynda: «Biziň Eýran bilen özara hyzmatdaşlygymyzda Hazar deňzini parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, ylalaşdyryjylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk giňişligine öwürmek möhüm ýagdaý bolup durýar. Bu ugurda, hususan-da, soňky ýyllarda köp işler geçirildi: Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda taryhy Konwensiýa gol çekildi, dürli ugurlarda birnäçe ylalaşyklar we şertnamalar gazanyldy» diýmek bilen, käbir anyk teklipleri öňe sürdi.
Bu ýerde gürrüň, esasan, hyzmatdaşlar bilen nyrh ýeňilliklerini hödürlemek, gümrük amallaryny ýeňilleşdirmek, milli operatorlaryň arasynda netijeli özara gatnaşyklary ýol goýmak, hususy maýadarlaryňdyr beýleki gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň işewür toparlarynyň Hazar ulag merkeziniň taslamasyna işjeň gatnaşdyrylmagyny gazanmak, Hazarda neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna we serhetara jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça hem-de ekologiýa, innowasiýalar, ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek barada barýar.