Türkiýe 1-nji iýuldan başlap şäherleriň etraplarynda daşary ýurtlularyň ýaşamagyny çäklendirer

Türkiýe 1-nji iýuldan başlap şäherleriň etraplarynda daşary ýurtlularyň ýaşamagyny çäklendirer

Türkiýäniň hökümet ýolbaşçylary şäherleriň etraplarynda daşary ýurtlularyň ýaşamagy üçin bölünip berlen kwotany (kesgitlenen sany) azaldar. Bu barada şenbe güni Respublikanyň içeri işler ministri Suleýman Soýlu habar berdi diýip, TASS ýazýar.

"1-nji iýuldan başlap, şäherleriň etraplarynda ýaşaýan daşary ýurtlularyň paýy 25% bolanlygyndan 20%-e çenli azaldylar. Azyndan 1200 etrap daşary ýurtlular üçin (hereket edýän kwotadan agdyk bolany üçin) ýapylar " - diýip, Yeni Safak gazeti onuň sözlerini getirýär. Ýöne Respublikanyň daşary işler ministri daşary ýurtlularyň mundan beýläk haýsy şäherleriň haýsy etraplarynda ýaşap bilmejekdigini anyk görkezmeýär.

Daşary ýurtlulara hemişelik ýaşamak hukugyny bermäge kwotanyň girizilýändigi barada ilkinji gezek fewral aýynda habar berlipdi. Ýerli habar beriş serişdeleriniň beýannamalaryna görä, bu karara gelinmeginiň sebäbi, esasan, Damaskdan gaçyp gelýän siriýaly bosgunlaryň akymynyň güýçlenmegi bilen baglanyşyklydyr.