Raşid Meredow Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa sapary boýunça gepleşikleri geçirýär

Raşid Meredow Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa sapary boýunça gepleşikleri geçirýär

Şu gün Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçugyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

TDIM-niň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna amala aşyrjak resmi sapary bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň has-da  pugtalandyrylmagy boýunça meselelere seredildi.