Mercedes-Benz dilerlerden ýüz öwrer

Mercedes-Benz dilerlerden ýüz öwrer

Mercedes-Benz kompaniýasy distribýutor ulgamyny kämilleşdirmegiň çäginde diler merkezleriniň sanyny Germaniýada 15-20% we tutuş dünýäde 10% azaldar. Bu barada “Automotive News” habar berýär diýip, Day.Az belleýär.

Neşiriň maglumatlaryna görä, Mercedes-Benz kem-kemden göni satuwy, ýagny alyjynyň gönüden-göni awtomobil öndürijisi bilen aragatnaşygyny ýola goýmak isleýär. Şeýle ýagdaýda alyja töleg üçin hasap çykarylar, ulagy eltip bermek bilen bolsa diler merkezi meşgullanar. 2025-nji ýyla çenli Mercedes-Benz bu usul arkaly Ýewropada awtoulaglarynyň 80%-ini satmagy göz öňünde tutýar.
Mundan başga-da, 2025-nji ýyla çenli kompaniýa awtomobilleriň onlaýn satuwynyň paýyny 25%-e çenli ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär.

“Biziň müşderilerimiz barha ýaşarýar, baýlaşýar we sanly jemgyýetiň adamlaryna öwrülýär. Olar islän wagtlary we islän ýerlerinde biziň bilen birnäçe platformada aragatnaşyk saklamak isleýärler” – diýip, kommunikasiýa we marketing boýunça wise-prezident Bettina Fetser düşündirýär.