Apple mahabat roliginde iPhone 14-iň bezegini aýan etdi

Apple mahabat roliginde iPhone 14-iň bezegini aýan etdi

Apple Thailand resmi YouTube-kanaly iki sany mahabat roligini goýberdi. Onda Apple Pay-i ulanmagyň amatlyklary barada gürrüň berilýär. Iki wideodada täze çykmaly iPhone 14 Pro-nyň öň kamerasynyň aşagynda kese kesik bar diýip, mrmad portaly habar berýär.

Apple Thailand-yň resmi ÝouTube-kanaly Apple Pay hakyndaky wideoroligi ýalňyşyp ýükläninden biraz wagt geçensoň, mahabaty aýyrdylar. Şeýle-de bolsa, käbir ulanyjylar wideony ýükläp ýetişipdirler we YouTube-da eýýäm "ýaýraw" peýda bolýar.

2022-nji ýylyň güýzünde Apple iPhone 14-iň dört modeli bilen, has takygy 6,1 dýuýmlyk iPhone 14, displeýiniň diagonaly 6,7 dýuým  bolan 14 Max, 6,1 dýuýmlyk 14 Pro we ekrany 6,7 dýuým bolan 14 Pro Max bilen tanyşdyrar diýip garaşylýar. iPhone 14 Pro-nyň esasy gowulandyrylan taraplary: öň kamerasynyň aşagynda täze kese kesik we Face ID bilen bilelikde smartfonda 8K ygtyýarda wideo ýazgy ýazýan 48Mp-lik täze kamerasy bolar.