Moderna-nyň baş direktory emlägini haýyr-sahawata berer

Moderna-nyň baş direktory emlägini haýyr-sahawata berer

Moderna amerikan farmasewtik kompaniýasynyň baş müdiri Stefan Bansel öz emläginiň ep-esli bölegini saglygy goraýyş we global azyk howpsuzlygy ugrunda haýyr-sahawat işlerine bagyş etmegi meýilleşdirýär. Bu barada Bloomberg agentligi habar berdi diýip, TASS belleýär.

“Stefan Bansel geljek ýylyň dowamynda öz paýnamalary üçin opsionlary amala aşyrmagy we alnan serişdeleri haýyr-sahawata gönükdirmegi isleýändigini aýtdy. Umumy mukdar, takmynan, $355 mln bolup biler” – diýip, agentlik telekeçini klimatyň üýtgemek meselesiniň hem alada goýýandygyny aýtmak bilen belleýär.

“Biz çagalara olaryň gowy bilim almaklary ugrunda alada etmäge wada berdik. Biziň maşgala öýümiz hem olaryň paýyna ýeter. Ýöne galan ähli zady biz haýyr-sahawata gönükdirmegi meýilleşdirýäris” – diýip, agentlik telekeçiniň sözlerini getirýär.

Agentligiň maglumatlaryna görä, milliardere Moderna-nyň paýnamalarynyň 5,4%-i degişli, olaryň bahasy awgust aýynda rekord derejede 500 dollara ýetdi, şondan soň birden pese düşme başlady.

“Forbes” žurnaly Banseliň baýlygyny $4,5 mlrd bilen bahalandyrýar.