Raşid Meredow Fransiýanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirdi

Raşid Meredow Fransiýanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirdi

23-nji maýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Izabel Ginel bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alşyldy. Bu barada TDIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklaryny nygtadylar. Häzirki wagtda Fransiýanyň Ýewropa Bileleşiginde başlyklyk edýändigi nazarda tutulyp, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň gatnaşyklaryna aýratyn üns berildi. Türkmenistan bilen ÝB-niň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde sebitleýin durnuklylygy we howpsuzlygy nukdaýnazaryndan syýasy-diplomatik dialog; ykdysady, söwda, maýa goýum, şol sanda energetika we ulag hyzmatdaşlygy; ekologiýa meselesi we beýleki ugurlar kesgitlenildi.

Türkmenistanyň daşary işler ministri we Fransiýanyň ilçisi yzygiderli häsiýetde iş gatnaşyklaryny saklamak babatda ylalaşdylar.