Ýyldyrym: Türkmenistanyň noýabrda TDG-niň doly hukukly agzalygyna goşuljakdygyna umyt edýäris

Ýyldyrym: Türkmenistanyň noýabrda TDG-niň doly hukukly agzalygyna goşuljakdygyna umyt edýäris

13-nji maýda Türkiýäniň Bursa şäherinde Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza ýurtlaryň Ombudsmenler birleşiginiň (TÜRKOMB) döredilendigi yglan edildi diýip, Anadolu habar berýär.

TDG-niň Aksakallarynyň maslahatynyň baştutany Binaly Ýyldyrym mejlisi açmak bilen, türki dilli döwletleriň ýakynlaşmagynyň ähmiýetini belledi. 
Aksakallar maslahatynyň baştutany guramanyň agza ýurtlarynyň ykdysady ulgamda hasam işjeň aragatnaşyk saklamaklarynyň wajypdygyny belledi.
Onuň sözlerine görä, Türki döwletleriň guramasyna agza ýurtlaryň söwda dolanyşygy şu günki gün 550 mlrd dollara ýetýän bolsa, şol möçberiň 3 göterimdenem azragy türki dünýäniň ýurtlarynyň öz aralaryndaky söwda düşýär, bu bolsa hakyky kuwwaty açyp bilmeýär.
Şeýle-de Ýyldyrym öň synçy ýurt bolup çykyş edýän Türkmenistanyň noýabr aýynda TDG-niň doly hukukly agzalarynyň hataryna goşuljakdygyna umyt baglady. 
Ýyldyrym türki dilli döwletleriň jemi ilatynyň sanynyň şu günki gün 170 mln adama ýetýändigine ünsi çekdi. 

«Türki döwletleriň territoriýasynyň meýdany 5 mln inedördül metrdir, tutuş jemi içki önümi ýylda 1,5 trln dollar. Bize ýene köp zat garaşýar. Abadançylygy guramanyň içinde ýokarlandyrmaly» diýip, Ýyldyrym nygtady.