Serdar Berdimuhamedow türkmenistanlylary Ýeňiş güni bilen gutlady

Serdar Berdimuhamedow türkmenistanlylary Ýeňiş güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmenistanlylary we uruş weteranlaryny 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy mynasybetli gutlady.

“1941 — 1945-nji ýyllar adamzat taryhynyň iň pajygaly we hasratly döwri bolup, faşizmiň basybalyjylykly, talaňçylykly, adalatsyz, rehimsiz syýasatynyň netijesinde millionlarça ynsan bu nägehan urşuň pidasy boldy. Ýürek-bagry erediji bu gowgaly döwürde maşgalalar atalardan we enelerden, ogullardan we gyzlardan, doganlardan we uýalardan aýryldy. Şäherdir obalar ýer bilen ýegsan edilip, parahat durmuşa, dünýä ykdysadyýetine, ylymlaryň we bilimleriň, medeniýetleriň we sungatlaryň ösüşine uly zarba uruldy. Doganlyk halklar bilen birlikde, türkmen halky hem bu ýowuz süteme garşy gaýduwsyz göreş alyp bardy” diýip, döwlet Baştutany Gutlagynda belledi.

 “Merdana ata-babalarymyzyň gahrymançylygy mukaddes Watanymyza, halkymyza we tutuş adamzada ak ýürekden gulluk etmegiň nusgalyk mekdebidir. Şoňa görä-de, gazaply uruş ýyllarynyň güzaplary, jebir-jepalary, ýetiren zyýany, bu döwrüň taryhynyň gahrymançylykly sahypalary hiç wagt unudylmaz! 1941 — 1945-nji ýyllaryň aldym-berdimli söweşlerinde edermenligiň we gaýduwsyzlygyň, baky hormatyň hem-de ebedi şöhratyň beýik nusgasyny döreden gahrymanlarymyz kalbymyzda baky ýaşar!” diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýeňiş güni mynasybetli iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.