Türkmenistanyň her welaýatynda täze metjit gurlar

Türkmenistanyň her welaýatynda täze metjit gurlar

 3-nji maýda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda sebitleriň ýolbaşçylary Prezident Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna degişli şäherlerde metjitleri gurmak baradaky teklipler bilen ýüzlendiler.

Hususan-da, ilatyň haýyşlaryny nazara alyp, Ahal welaýatynyň Änew şäherinde; Balkan welaýatynyň Hazar şäherinde; Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynda; Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynda; Mary welaýatynyň Oguz han etrabynyň Şatlyk şäherinde metjitleri hem-de olaryň ýanynda sadaka bermek üçin niýetlenen jaýy gurmak baradaky teklipler beýan edildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow metjitleri we olaryň ýanynda sadaka berilýän jaýy gurmagyň sogap işleriň biridigini nygtamak bilen, teklipleri makullady hem-de häkimlere halkyň islegine görä bu babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.