Raşid Meredow BMG-niň bilermenler missiýasynyň wekilleri bilen duşuşdy

Raşid Meredow BMG-niň bilermenler missiýasynyň wekilleri bilen duşuşdy

27-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Statistika boýunça edarasynyň demografik statistika bölüminiň başlygy Srjan Mrkiç bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň, hususan-da, BMG-niň Statistika boýunça edarasynyň hem-de Ilat gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşligiň esasy mowzugy 2022-nji ýylda Türkmenistanda doly ilat we ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýazuwyny geçirmäge taýýarlyk görmek meseleleri boldy. Duşuşygyň barşynda R.Meredow BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistan boýunça täze bellenen direktory Ronni Olaf Lindstorm bilen mähirli salamlaşyp, oňa täze bellenen wezipesinde üstünlik arzuw etdi.

 BMG-niň Statistika boýunça edarasynyň we Ilat gaznasynyň ilat ýazuwyny geçirmegi guramakda ýurtlara ýardam bermek boýunça tejribelerini nazara almak bilen, türkmen tarapynyň bu halkara düzümler bilen hyzmatdaşlygynyň görnüşlerine seredildi. Mundan başga-da, statistiki maglumatlary toplamak we seljermek, gender deňligi hem-de aýallaryň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegi, ýaşlaryň abadançylygy we ösüşi ýaly hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlary boýunça hem pikir alşyldy.