Makron Fransiýanyň prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Makron Fransiýanyň prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Fransiýanyň häzirki prezidenti Emmanuel Makron prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda 58,55 göterim ses aldy. Bu barada ýurduň Içeri işler ministrligi sesler ýüz göterim sanalandan soň habar berdi. Muny RIA Nowosti ýetirýär.

Makronyň bäsdeşi, “Milli birleşik” sagçy partiýasynyň lideri Marin Le Pen 41,45 göterim ses aldy. Ol ýeňlendigini boýun aldy, ýöne fransiýalylaryň öňündäki borçlaryny ýerine ýetirmegi dowam etdirjekdigine wada berdi. Hususan-da, Le Pen özüniň syýasy hereketiniň parlament saýlawlarynda uly göreşe başlajakdygyny aýtdy.
Ses berişlik ýerli wagt boýunça 20:00-da tamamlandy. Saýlawa gatnaşanlaryň sany 63,23 göterim boldy.
Fransiýanyň prezidenti bäş ýyl möhlet bilen saýlanýar. Ses berişlige 49 million töweregi raýat gatnaşyp bilýär. Birinji tapgyr 10-njy aprelde geçirildi we oňa 12 dalaşgär gatnaşdy. Şonda häzirki döwlet baştutany 27,84 göterim ses, “Milli birleşigiň” lideri 23,15 göterim ses aldy.
Fransiýanyň Konstitusion kazyýetiniň başlygy ses berişligiň netijelerini 27-nji aprelde resmi taýdan yglan eder.