Kairiň ilaty 25 milliona adama ýetdi

Kairiň ilaty 25 milliona adama ýetdi

Müsüriň paýtagty Kairiň ilaty 25 milliona ýetdi. Bu barada Kair welaýatynyň gubernatory Haled Abdel Al habar berdi.

“Kairiň ilatynyň sany 25 million bolup, bu hem ýerli ýaşaýjylary, hem patriantlary öz içine alýar” – diýip, “Al-Balýad” habarlar portaly gubernatoryň sözlerini getirýär.

Geografik taýdan paýtagt birbada iki welaýatyň – Kair bilen Gizanyň çäginde ýerleşýär. Her gün paýtagta, şol sanda goňşy etraplardan on müňlerçe adam işlemek üçin gelýär. Ýurduň iň gür ilatly sebiti bolan şäheriň indi ýaşaýjylaryň şeýle akymyna güýji ýetenok. Birnäçe kilometrlik ulag dyknyşyklary, daşky gurşawyň hapalanmagy, şeýle-de beýleki sosial-ykdysady meseleler Kairiň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Gubernatoryň aýtmagyna görä, şeýle köp ilat wezipeli adamlara-da agyr ýük berýär.
Şeýle şertlerde Kairden 25 km uzaklykda, çölde eýýäm birnäçe ýyl bäri heniz resmi ady almadyk täze administratiw paýtagt gurulýar. Ol ýere hökümet we köp sanly döwlet edaralary, şeýle-de daşary ýurtlaryň ilçihanalary göçüriler.
Häzirki wagtda Müsüriň ilaty 104 million adam.