Ilon Mask Marsa gitmek üçin biletiň bahasyny aýtdy

Ilon Mask Marsa gitmek üçin biletiň bahasyny aýtdy

SpaceX-iň baştutany Ilon Mask  konferensiýada öz kompaniýasyndan Marsa uçmak üçin biletiň bahasynyň çen bilen näçe boljagyny TED-e aýtdy. Mask baha 100 müň dollar diýilse, köp adam doly makullar diýip hasaplaýar. 

Maskyň sözlerine görä, bu nyrh ykdysady taýdan maksadalaýyklyga görä kesiler. Ol Marsa uçmak üçin hatda käbirleriniň emlägini satmaly boljakdygyny aýtdy.  Maskyň aýdan bahasynyň içinde Ýere dolanyp gelmekligiň bahasy göz öňüne tutulmaýar. Ol öň Marsa uçmagyň nyrhy 100 müň dollardan 500 müň dollara çenli bolar diýip baha kesýärdi. 
Ýaşaýşy dowam etmegiň hatyrasyna adamzadyň planetara görnüş bolmalydygyna Mask berk ynanýar. Marsda özbaşdak koloniýany esaslandyrmak üçin ol ýere "her ýyl ýüküň megatonnasyny", şol sanda iýmit, suw, gural, gurluşyk materiallaryny we durmuş üpjünçilik ulgamyny daşamaly bolar. 
Häzirki wagtda SpaceX uzakmöhletleýin kosmos saparlaryny amala aşymak üçin Starship-iň prototipini synagdan geçirýär.