11-nji aprelde Pakistanyň Mejlisi ýurduň täze premýer-ministrini saýlar. Bu barada Imran hana ynanç bildirmezlik wotumynyň mejlisinde başlyklyk eden, Pakistanyň musulman ligasy-Nawaz tarapyndan çykyş edýän, mejlisiň wise-spikeri Aýaz Sadygyň sözlerine salgylanyp, Pakistanyň habar beriş serişdeleri ýazýar.
Onuň sözlerine görä, premýer-ministriň boş wezipesine dalaşgärler günüň dowamynda Mejlisiň spikerine gerekli arzany bermelidirler.
Täze premýer-ministr 11-nji aprelde gündiz mejlisde saýlanar diýip, Sadyk aýtdy.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň tassyklamagyna görä, ýurduň premýer-ministriniň wezipesini Pakistanyň musulman ligasy-Nawazyň baştutany Şahbaz Şarif eýelese gerek.
Ýakynda Pakistanyň mejlisi Imran hanyň hökümetine ynanç bildirmezlik wotumyny mälim etdi.
Ynanç bildirmezlik wotumynyň tarapdary bolup 174 deputat, ýagny ýurduň kanun çykaryjy edarasynyň aşaky palatasynyň aglabasy ses berdi, 172 deputat sesi bolsa garşy boldy.
Imran han Pakistanda mejlisiň ynanç bildirmezlik wotumyny alan ilkinji premýer-ministr boldy.