Serdar Berdimuhamedow RF-niň wise-premýeri Alekseý Owerçugy kabul etdi

Serdar Berdimuhamedow RF-niň wise-premýeri Alekseý Owerçugy kabul etdi

9-njy aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi. Myhman öz ýurdunyň hökümet wekiliýetine baştutanlyk edip, Aşgabada iş sapary bilen geldi.

Duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşyp, söwda-ykdysady hem-de ýangyç-energetika toplumlary, oba hojalygy, ýeňil we gaýtadan işleýän senagat, ulag-aragatnaşyk hem-de birnäçe beýleki ileri tutulýan ulgamlar bilen birlikde esasy ugurlar boýunça gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmak üçin uly mümkinçiligiň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň, özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň netijeli guraly hökmünde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň eýeleýän orny aýratyn bellenildi.

Duşuşygyň barşynda medeni-ynsanperwer ulgamda, şol sanda ylym we bilim, syýahatçylyk ugurlary boýunça döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge özara gyzyklanma beýan edildi. Hazar deňzini özleşdirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek meselelerine aýratyn üns berildi. Hususan-da, söhbetdeşler gämi gurluşygy ulgamynda özara hereket etmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.