Berdimuhamedow nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän wise-premýere berk käýinç yglan etdi

Berdimuhamedow nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän wise-premýere berk käýinç yglan etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Şahym Abdrahmanowa berk käýinç yglan etdi we oňa kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy. Bu barada şu gün — 8-nji aprelde geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde yglan edildi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Hökümet mejlisiniň barşynda şu ýylyň birinji çärýeginde alnyp barlan işleriňň netijelerine garaldy.
Türkmenistanyň Prezidenti döwlet tarapyndan kömek berilýändigine garamazdan, nebitgaz toplumynda öňegidişligiň duýulmaýandygyny belledi. Döwlet Baştutany nebitgaz toplumynyň maliýe ýagdaýyna gözegçiligi güýçlendirmegi we milli pulda bölünip berlen karz serişdelerini bölekleýin ulanmak barada tabşyryklar berdi. Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow wise-premýere gözegçilik edýän ulgamyndaky kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi talap etdi.
Döwlet Baştutany önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, känleri işläp taýýarlamak, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygyny çaltlandyrmak we tebigy gazyň eksporty boýunça beýleki taslamalary işjeňleşdirmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.