Köýtendag etrabynda kalsiý öndürýän önümçilik dörediler

Köýtendag etrabynda kalsiý öndürýän önümçilik  dörediler

Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýyllyk kuwwatlylygy 50 müň tonna kalsiý öndürýän önümçiligi ýola goýmak meýilleşdirilýär. Bu baradaky degişli teklibi 31-nji martda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer Ç.Purçekow Prezident Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna hödürledi.

Bellenilişi ýaly, bu önümçilik ýurdumyzyň bazarlaryny ýerli tebigy serişdelerden öndürilen ýokary hilli gurluşyk serişdeleri bilen doly üpjün etmäge hem-de täze iş orunlaryny döretmäge ýardam eder.

Döwlet Baştutany Türkmenistanda ýurdumyzyň sarp edijilerini daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýokary hilli önümler bilen doly möçberde üpjün etmäge ukyply, kuwwatly gurluşyk senagatyny döretmegiň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi.