Ilon Mask adamyň Marsa düşüriljek ilkinji senesini agzady

Ilon Mask adamyň Marsa düşüriljek ilkinji senesini agzady

Ilon Mask şu onýyllygyň aýagyna çenli adamzat ilkinji gezek Marsa aýak basar diýip hasaplaýar. Ol öz çaklamasyny Twitterde çap etdi.

Milliarderiň abunaçylarynyň biri haçan Marsa ilkinji ekipaž gondurylar diýip sorady. Teslanyň we SpaceX-iň baştutany gysga sözde: «2029-da» diýip jogap berdi.
Işewür 2016-njy ýylda adamzadyň Marsa 2026-njy ýylda  düşüriljekdigini öňünden aýdypdy. Görnüşine görä, ol bu möhlete ýetişip bolmaz diýip hasaplaýan bolmaly. Käbir ulanyjylar öz teswirlerinde 2029-y agzamaklygy hem irnik görýärler, munuň ýaly wezipä amal etmek üçin, gör, ýene näçe işler edilmeli.
Düzgünleşdiriji edaralar makullan ýagdaýynda, Starship raketa-göteriji ýakyn birnäçe aýyň içinde ilkinji synag orbital uçuşyny amala aşyrar.