Gurbanguly Berdimuhamedow Binali Ýyldyrym bilen duşuşdy

Gurbanguly Berdimuhamedow Binali Ýyldyrym bilen duşuşdy

25-nji martda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymy kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda türki döwletleriň halklary bilen türkmen halkyny müňýyllyklara uzaýan taryhy kökleriň, medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygynyň baglanyşdyrýandygy bellenildi. Munuň özi Türkmenistanyň türki dilli döwletler bilen netijeli syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny giňeltmek we berkitmek üçin ygtybarly binýat bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bu gurama synçy derejesinde kabul edildi. Munuň doganlyk türki döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary köp ugurlar boýunça okgunly ösdürmekde aýratyn ähmiýetlidigi nygtaldy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň bu guramanyň alyp barýan işlerine, şol sanda Ýaşulular geňeşine işjeň we netijeli gatnaşmagyny möhüm ugur hökmünde kesgitländigini belledi. Şeýle hem duşuşykda ýurdumyzyň türki dilli ýurtlar bilen parlamentara gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça ösdürmäge we bu babatda hereket edýän degişli düzümleriň işine gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy.