Aziýa-Ýuwaş umman sebitinden we Hytaýdan demir ýol bilen Ýewropa daşaljak ýükler Türkmenistanyň hem üstünden geçer

Aziýa-Ýuwaş umman sebitinden we Hytaýdan demir ýol bilen Ýewropa daşaljak ýükler Türkmenistanyň hem üstünden geçer

Demir ýol administrasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda Daşkentde geçirilen duşuşykda Aziýa — Ýuwaş umman sebitinden we Hytaýdan Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Kawkaz ýurtlarynyň üsti bilen Ýewropa demir ýol ulaglary arkaly halkara ýük daşamalaryny ösdürmek ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Кыргыз темир жолу» döwlet kärhanasynyň berýän maglumatyna görä, gepleşikleriň çäklerinde Aziýa — Ýuwaş umman — Hytaý — Merkezi Aziýa — Kawkaz — Ýewropa halkara ýoly boýunça harytlaryň üznüksiz daşalmagyny we nyrh geçelgesini guramak bilen bagly ylalaşyk gazanyldy. Bu taslamany ilerletmegiň çäklerindäki indiki gepleşikler Gyrgyzystanda geçiriler.