Fitch 2022-nji ýylda global JIÖ-niň ösüşi baradaky çaklamasyny 0,7 göterim punkt peseltdi

Fitch 2022-nji ýylda global JIÖ-niň ösüşi baradaky çaklamasyny 0,7 göterim punkt peseltdi

Fitch reýting agentligi 2022-nji ýylda global JIÖ-niň ösüşi baradaky çaklamasyny 0,7 göterim punkt, ýagny 3,5%-e çenli peseltdi. Agentligiň saýtynda ýerleşdirilen habarda bellenilişine görä, ykdysady ösüşiň haýallamagy inflýasiýa we Ukrainadaky ýagdaý bilen baglanyşyklydyr.

“Fitch 2022-nji ýylda global JIÖ-niň ösüşi baradaky çaklamasyny 0,7 göterim punkt, 3,5%-e çenli, ýewrozonada – 1,5 göterim punkt, 3,0%-e çenli, ABŞ-da – 0,2 göterim punkt, 3,5%-e çenli peseltdi” – diýlip, habarda aýdylýar.

Agentligiň analitikleri “global JIÖ-niň ösüş perspektiwalarynyň ep-esli ýaramazlaşandygyny, sebäbi inflýasiýa meseleleriniň güýjeýändigini”, Russiýanyň Ukrainadaky harby hereketleriniň bolsa “global energiýa üpjünçiligine howp salýandygyny” bellediler.