11-nji martda türkmenistanlylara garaşýan howanyň ýagdaýy barada maglumat

11-nji martda türkmenistanlylara garaşýan howanyň ýagdaýy barada maglumat

TmCars.info Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň 11-nji martda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatyny siziň dykgatyňyza ýetirýär.

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Günbatardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +7... +9°, gündizine +11... +13° maýyl bolar. Howanyň basyşy 736 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +3... +8°, gündizine +11... +16°, kenarýaka etraplarynda +5... +10° maýyl bolar.
Türkmenbaşy şäherinde: howa +8... +10°, basyşy 747 mm, çyglylygy 65 — 85%.
Awazada: howa +7... +9°, basyşy 759 mm, çyglylygy 60 — 80%.
Balkanabat şäherinde: howa +13... +15°, basyşy 754 mm, çyglylygy 65 — 85%.

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +7... +12°, gündizine +13... +18°, günorta-gündogar etraplarynda +25° çenli maýyl bolar.
Änew şäherinde: howa +13... +15°, basyşy 735 mm, çyglylygy 60 — 80%.
Tejen şäherinde: howa +18... +20°, basyşy 740 mm, çyglylygy 65 — 85%.

Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +10... +15°, gündizine +21... +26° maýyl bolar.
Mary şäherinde: howa +21... +23°, basyşy 734 mm, çyglylygy 50 — 70%.
Baýramaly şäherinde: howa +22... +24°, basyşy 736 mm, çyglylygy 55 — 75%.

Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Günorta-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +9... +14°, gündizine +18... +23° maýyl bolar.
Türkmenabat şäherinde: howa +21... +23°, basyşy 737 mm, çyglylygy 55 — 75%.
Kerki şäherinde: howa +20... +22°, basyşy 732 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Günbatardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +2... +7°, gündizine +11... +16° maýyl bolar.
Daşoguz şäherinde: howa +12... +14°, basyşy 750 mm, çyglylygy 55 — 75%.
Köneürgenç şäherinde: howa +11... +13°, basyşy 751 mm, çyglylygy 60 — 80%.