Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti 19-njy martda kasam kabul eder

Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti 19-njy martda kasam kabul eder

19-njy martda "Oguz han" köşkler toplumynda Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy geçiriler. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 10-njy martda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde habar berdi.

Bellenilişi ýaly, kasam kabul ediş çäresi tamamlanadan soň, Türkmenistanyň Kabul ediş merkezinde dabaraly çäreler dowam eder.

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky bilelikdäki mejlisi 12-nji martda geçiriljek Türkmenistanyň Prezident saýlawlaryny guramaçylykly geçirmek meselelerine bagyşlandy.

Ýurtda hereket edýän üç sany syýasy partiýadan we raýatlaryň teklipçi toparlaryndan iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärler hödürlenildi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärler Aşgabatda we sebitlerde saýlawçylar bilen duşuşyklaryny tamamladylar.