SENIŇ SESIŇ – SENIŇ YKBALYŇ

SENIŇ SESIŇ – SENIŇ YKBALYŇ

Öňümizde 2022-nji ýylyň döwlet  derejesindäki iň uly we möhüm çäresi – Türkmenistanyň Prezidentligine saýlawlar güni. Ýurdumyzyň, halkymyzyň ykbalyna, geljegimize gönüden-göni dahylly uly çäre.

Aslynda, saýlamak meselesi ynsanyň öňünde elmydama keserip durýar. Agy-garany saýgaryp başlanymyzdan her bir zadyň özümize ýaramlysyny, ýakymlysyny, haýyrlysyny, has gowusyny almaga – saýlamaga höwesekdiris. Ömrüň haýsy menzilinden barýan bolsagam, her demde, her ädimde bu hakykat bilen ýüzbe-ýüz: biziň öňümizde saýlamak mümkinçiligi bar. Bizde geljegimize bähbitlisini saýlamak erki, saýlamak hukugy bar. Saýlamak – bu ykbalyňa seslenmedir. Arzuwlara bolan ynamyň ýüreklere ornan ýaňydyr.   Nämäni nähili saýlaýandygymyza görä hem öz geljekki ýolumyzy, ýetjek sepgidimizi, barjak menzilimizi, hasyl etjek arzuwlarymyzy, amala aşyrjak maksatlarymyzy anyk kesgitleýäris. 

Esasy kanunymyz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynda «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy adamdyr» diýip bellenilýär. Ýurtda şundan uly gymmatlyk ýok. Ynsan mertebesi iň eziz we mukaddes zat. Her bir ýurt raýatynyň deňhukuklydygy kanun tarapyndan kesgitlenen we kepillendirilen. Gurulýan, döredilýän, ýola goýulýan maksatlaryň, taslamalaryň ählisi raýatlaryň abadan, asuda, agzybir, bagtyýar we bolelin ýaşaýşyny üpjün etmek üçin. Munuň hakykat ýüzünde hem şeýledigini geçen bäş ýylyň netijelerine göz aýlap, bilip bolýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzda kanunçylyk işi, jemgyýetde hukuk düşünjesi has kämilleşdi. Her bir raýat özüniň jemgyýetdäki hukugyna we borjuna aýdyň nazar aýlady. Çünki hukuk bar ýerinde borç we jogapkärçilik hem bar.

Türkmenistanyň prezidentligine saýlawlar möwsümi başlan badyna, dalaşgärleriň terjimehaly we maksatnamalary bilen ýurt raýatlarynyň ählisiniň tanyşmagyna doly mümkinçilik döredildi. Saýlaw uçastoklarynda we dürli ýerlerde ýörite maglumatlar bilen üpjün edildi. Dalaşgärler ýa-da olaryň ynanylan wekilleri bilen ýerlerde geçirilen duşuşyklar, raýatlaryň olar hakdaky seslenmeleri, pikirleri, garaýyşlary  dünýäniň ösen demokratik döwletleriniň mysalynda bolşy ýaly ähli aýdyňlygy bilen ýerine ýetirildi.  Saýlaw möwsüminde dalaşgärleriň özlerini alyp barşy – adamkärçilikleri, beýleki dalaşgärlere we olaryň garaýyşlaryna, maksatlaryna hormat goýşy  – bu halkymyzyň agzybirliginden we asyl maksadyň bir beýik Döwletiň, beýik Watanyň bagtyýar geljegini gazanmakdan ybaratdygynyň nyşanydyr.   Ýurt Baştutanyny saýlamak döwletiň iň uly we jogapkärli çäreleriniň biri. Aslynda, ýurt baştutanyny ses bermek arkaly saýlamak – bu hakyky we taryhy milli däp-dessurdyr. Orta asyrlarda ýazylan taryhy çeşmeleri okap görenimizde hem ýurduň hökümdary, döwlet baştutany beg-wekilleriň, serkerdeleriň, aksakal-kethudalaryň, alymlaryň ses bermegi – makullamagy, oňlamagy bilen saýlanypdyr. Ondokuzynjy asyryň taryhy wakalarynda, Ahalda, Maryda, Daşoguzda han saýlamak meselesinde hem halkyň sesi, halkyň pikiri diňlenipdir. Şonuň üçin halkyň sesi bilen Baştutan saýlanmak – bu biziň köki müňýyllyklara uzaýan milli däp-dessurymyzdyr. Döwrebap ösüşlere ýugrulan milli kanunçylygymyza görä, on sekiz ýaşyny dolduran her bir ýurt raýatynyň ses bermek hukugynyň barlygy – bu eýýäm milli demokratiýanyň has kämilleşen görnüşidir. Bu kämillik ýaşyna ýeten, döwlet syýasatyna çuňňur düşünýän, Watanyň gymmatyny, mukaddesligini aklyna, aňyna nagyş eden her bir raýatyň pikirine, garaýşyna, sesine sarpa goýmakdyr. Ýurduň Prezidentini saýlamakda sesiň barlygy – Watanyň geljegini saýlamakda hukugyň bardygyny aňladýar. Bu örän uly mertebe we jogapkärçilikdir.

Döwür bir durkunda duranok, çünki özgermek, has gowy tarapa öwrülmek, kämillige ýugrulmak ynsanyň borjy. Gadymy gündogar akyldarlarynyň birinde şeýle jümle bar: “Saýlamak – ynsanyň ygtyýary, has gowusyny saýlamak – borjy”.  Biz bu saýlawlarda, mundan öň bolşy ýaly, öz ykbalymyzy, öz geljegimizi saýlaýarys. Saýlawlarda ses bermek – Watanyň şu gününe we geljegine bolan ynam-ygtybarymyzy ýüze çykarmak mümkinçiligidir. Halkyň umumy sesi – her raýatyň bir sesinden düzülýär. Bu çäre diňe bir adamyň däl, tutuş halkyň ykbalyna dahylly. Bu saýlawda diňe özüň üçin däl, tutuş halkyň üçin saýlaýarsyň. Şonuň üçin hem “seniň sesiň – seniň ykbalyň” diýen gündogar pähiminiň, bu saýlawlarda tutuş halkyň ykbalyna dahyllydygyna çuňňur düşünmelidiris.