Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekildi

Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekildi

3-nji martda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasyna agza bolmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralan çäreleriň çäklerinde Maslahatlar merkezinde ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy hem geçirildi.

Hususan-da:

  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama,
  • “Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy we olarda hereket etmegi utgaşdyrmakda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda” Ähtnamanyň esasyndaky bilelikdäki Hereketleriň 2022-nji ýyl üçin meýilnamasyna;
  • Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň arasynda «Türkmenistanyň söwda kuwwatyny güýçlendirmek» atly taslama resminamasyna üýtgetmelere;
  • Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasynda “Köp sanly bähbitleriň alynmagy üçin Aral deňziniň giňişliginde ýer serişdelerini we ýokary tebigy gymmatlygy bolan ekoulgamlary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak” atly taslama; Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň arasynda “Türkmenistanda gidrohlor-ftor-uglerody dolanyşykdan tapgyrlaýyn çykarmak meýilnamasyny ýerine ýetirmek (II tapgyr)”, “Ozon gatlagyny dargadyjy maddalar baradaky Monreal teswirnamasynyň ýerine ýetirilmegini institusional taýdan berkitmek (V tapgyr)” atly taslamalara gol çekildi.