Ahally saýlawçylar Aşgabatdan hödürlenen dalaşgär bilen duşuşdylar

Ahally saýlawçylar Aşgabatdan hödürlenen dalaşgär bilen duşuşdylar

28-nji fewralda Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň medeniýet öýünde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine Aşgabat şäherinden raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory Hydyr Nunnaýew bilen saýlawçylaryň duşuşygy boldy.

Dalaşgäriň ynanylan wekili — Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Ç.Sylabow ýygnananlary dalaşgäriň zähmet ýoly bilen tanyşdyryp, ony ýokary derejeli hünärmen we mugallym, guramaçylyk ukyby bolan jogapkärçilikli ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirdi. Soňra Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlaryny beýan edip, täze taryhy eýýamda ýurdumyzda jemgyýetde hakyky halk häkimiýeti ýörelgelerini pugtalandyrmaga gönükdirilen giň demokratik özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny nygtady.

H.Nunnaýew iň ýokary döwlet wezipesine saýlanan ýagdaýynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, ony dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna çykarmak boýunça başlan giň gerimli işlerini mynasyp dowam etdirmek üçin ähli güýç-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.