Türkmenistanly lukmanlara BSGG-niň ýörite nyşany gowşuryldy

Türkmenistanly lukmanlara BSGG-niň ýörite nyşany gowşuryldy

24-nji fewralda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary boýunça işgärlere ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny, abadançylygyny goramaga goşan uly goşantlaryna hormat hökmünde BSGG-niň ýörite nyşanynyň gowşurylmagy mynasybetli dabaraly ýygnak geçirildi.

Çärä milli saglygy goraýyş ulgamynyň ýolbaşçylary we işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko gatnaşdylar.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan “Saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary boýunça işgärleriň halkara ýyly” diýlip yglan edilen geçen 2021-nji ýyl dünýäniň ähli ilaty üçin ýeňil bolmady. Saglygy goraýyş ulgamy üçin uly synag bolan COVID-19 pandemiýasy lukmançylyk we durmuş hyzmatlary ulgamlarynyň işgärlerini, öz saglyklaryna howp abanýandygyna garamazdan, jan aýaman zähmet çekmäge mejbur etdi.

Ýygnaga gatnaşyjylar BSGG-niň Ýewropa sebit edarasyna hem-de onuň direktory Hans Klýugä bu ýokary ýörite nyşan üçin hoşallyklaryny beýan etdiler.