Raşid Meredow Lawrow bilen VI Hazar sammitine taýýarlygy maslahatlaşdy

Raşid Meredow Lawrow bilen VI Hazar sammitine taýýarlygy maslahatlaşdy

17-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministri R.O.Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri S.W.Lawrow bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Bu barada TDIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň derwaýys ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Ministrler VI Hazar sammitiniň taýýarlygy bilen bagly meselelere hem seredip geçdiler.