«Ynamly eller» HK boýaglaryň dürli görnüşlerini we ýokary hilli hyzmaty hödürleýär

«Ynamly eller» HK boýaglaryň dürli görnüşlerini we ýokary hilli hyzmaty hödürleýär

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 1-nji senagat zolagynda ýerleşýän,  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Ynamly eller» hususy kärhanasy binalaryň bezegleri üçin niýetlenen suw esasly boýaglaryň dürli görnüşlerini hödürleýär.

2017-nji ýylda bäri halkymyza hyzmat edip gelýän bu kärhana 7 görnüşli daşarky, 6 görnüşli içerki, 2 görnüşli astar, 2 görnüşli içerki bezeg boýagy we 1 görnüşli sintetiki boýag öndürýär.

Hil aýratynlygy:
Dünýä ülňülerine laýyk gelýän, daşary ýurtlardan import edilýän boýaglaryň ornuny tutýan ýokary hilli boýaglar elýeterligi, suw bilen ýuwlanda durkuny ýitirmän saklaýjylygy, uzak möhletleýin ulanmaklyga niýetlenenligi bilen tapawutlanýar.

Hyzmatlaryň görnüşleri:

  • Kärhana içerki we daşarky boýaglarda müşderileriň islän reňkini kompýuter arkaly taýýarlap bermek hyzmatlaryny ýerine ýetirýär;
  • 20 bedreden artyk alan müşderilere eltip bermek hyzmaty muzdsuz amala aşyrylýar;
  • Tölegler nagt we sanly ulgam arkaly nagt däl görnüşinde kabul edilýär;
  • Kärhananyň ähli dükanlarynda harytlaryň bahalary amatly we birmeňzeş nyrhdadyr.

Geljegi nazarlaýan teklip:

“Ynamly eller” hususy kärhanasy Balkan welaýaty boýunça kärhananyň önümlerini köpçülige ýetirmek ugrunda iş alyp barjak wekilleri gözleýär. Kärhana özi bilen hyzmatdaşlygy ýola goýjak wekillerine giň mümkinçiliklerini hödürleýär.     

Söwda nokatlarynyň ýerleşýän ýeri:
Aşgabat şäheri, G.Kuliýew köçesiniň 66-njy jaýy, «Ajaýyp bina» binasy; telefon belgimiz: 75-49-20
Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Görogly beg Türkmen köçesi 35-nji jaýy; telefon belgimiz: 8422-4-79-79
Magdanly şäherçesi, Garaşsyzlyk köçesi; telefon belgimiz: 8-65-45-62-67
Mary welaýaty, Mary şäheri, Murgap yolunyň ugrunda ýerleşýän "Garagum" söwda merkezi; telefon belgimiz: 8522-6-53-33
Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, A.Nowaýy köçesiniň ugrunda ýerleşýän gurluşyk harytlary dükany; telefon belgimiz: 864 27 31 06 

instagram@pasylboyag
info@pasyl.tm
www.pasyl.tm