GFR-iň Prezidenti Ştaýnmaýer ikinji möhlete saýlandy

GFR-iň Prezidenti Ştaýnmaýer ikinji möhlete saýlandy

Germaniýanyň Federal birleşigi Respublikanyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeri ikinji möhlete saýlady. Bu barada ýekşenbe güni nemes teleýaýlymlary habar berdi.

Prezidenti saýlamak üçin ýygnanýan ýörite konstitusion edaranyň birleşiginiň wekilleri bolup 1472 adam durýar. Ştaýnmaýer 1045 adamyň sesini aldy. Ilkibaşda, onuň dalaşgärligini iri partiýalaryň ählisi diýen ýaly goldady.
«Germaniýa üçin alternatiwa» döwlet Baştutany wezipesine Maks Otteni, Çepçiler partiýasy — Gerhard Traberti, Erkin saýlawçylar — Ştefani Gebaueri hödürlediler.