Türkmenistanda geljek 30 ýylda nebitgaz pudagyny ösdürmegiň anyk ugurlary kesgitlendi

Türkmenistanda geljek 30 ýylda nebitgaz pudagyny ösdürmegiň anyk ugurlary kesgitlendi

Türkmenistany geljek 30 ýylda ösdürmegiň täze maksatnamasynda nebitgaz pudagyny mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin anyk wezipeler göz öňünde tutulýar. Olar barada Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçirilen mejlisinde türkmen Lideri jikme-jik durup geçdi.

         Nebitgaz pudagyny ösdürmek boýunça geljek 30 ýylda öňde dyrýan wezipeler, ine, şulardyr:

  • Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisiniň kuwwatyny tapgyrlaýyn artdyrmak;
  • «Bagtyýarlyk» käniniň çäklerinde täze ýataklary işe girizmek;
  • amala aşyrylýan taslamalaryň daşky gurşawa täsirine baha bermek boýunça işleri durmuşa geçirmek;
  • uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemäge, şol sanda nebithimiýa, gazhimiýa, himiýa pudaklaryna we elektrik energetikasyna degişli ýöriteleşdirilen iri senagat desgalaryny gurmak;
  • harytlyk gaz öndürýän zawodlary gurmak;
  • gaz basyş enjamlaryny gurmak;
  • nebitiň we gazyň hem-de beýleki tebigy serişdeleriň täze gatlaklaryny ýüze çykarmak üçin geologiýa-gözleg işlerini giňeltmek;
  • ýurdumyzyň belli känleriniň çäklerinde gözleg guýularyny geofiziki taýdan barlamak we burawlamak;
  • özleşdirilýän nebitgaz ýataklarynda nebitiň we gazyň çykarylyşyny amatly ýagdaýa getirmek üçin täze 3D meýdan seýsmiki toplumlaryny hem-de geljekde 4D gözegçilik tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga mümkinçilik berjek programma üpjünçiligini işläp taýýarlamak;
  • nebitgaz känleriniň ulanyş guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmaga ýardam edýän täze tehnologiýalary ornaşdyrmak;
  • buraw işlerini çaltlandyrmak;
  • ýokary netijeli, iň täze we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar hem-de nou-haular esasynda işleýän, ylmy köp talap edýän önümçilikleri döretmek boýunça işleri dowam etmek;
  • ýurdumyzyň her bir welaýatynda täze gazhimiýa toplumlaryny, şol sanda polietilen, polipropilen, kauçuk we polistirol, poliwinil asetat, metanol öndürýän toplumlary gurmak;
  • dokma pudagy üçin sintetiki süýümleri öndürmek meýilleşdirilýär;
  • Ýokarda agzalan wezipeleri amala aşyrmagyň hasabyna gaz pudagynda çig maly çykarmakdan we gaýtadan işlemekden ýokary goşulan bahasy bolan önümleri öndürmäge we ýerlemäge çenli doly önümçilik halkasy dörediler.

Şeýle-de türkmen Lideri öz maksatnamalaýyn çykyşynda: «Biz Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyny ösdürmegiň konseptual strategiýasyny taýýarlamalydyrys. Dünýä bazarlarynda ýokary islegden peýdalanýan nebit önümleriniň görnüşlerini giňeltmelidiris. Uglewodorod däl ugurlar, mysal üçin, wodorod ýangyjy we bioýangyç ýaly ugurlar hem ösdürilmelidir» diýip belledi.