SpaceX 40 töweregi Starlink hemrasyny ýitirdi

SpaceX 40 töweregi Starlink hemrasyny ýitirdi

SpaceX kompaniýasynyň 2022-nji ýylyň 3-nji fewralynda uçurylan 49 sany täze Starlink mikrohemrasynyň 40-a golaýy güýçli magnit tolkuny sebäpli orbitadan çykdy diýlip, kompaniýanyň saýtynda aýdylýar.

“Deslapky seljerme pes belentliklerdäki ýokary gapma-garşylygyň olara orbitany ýokarlandyrmak boýunça herekete başlamak üçin howpsuz režimden çykmaga päsgel berendigini we 40-a golaý hemranyň Ýeriň atmosferasyna gaýtadan girjekdigini ýa-da eýýäm girendigini görkezýär” – diýlip, habarda aýdylýar. 

SpaceX 49 sany kosmos enjamynyň 40-synyň ýitirilendigini belleýär. Falcon 9 raketa göterijisi 3-nji fewralda, penşenbe güni 49 sany Starlink hemrasyny Ýeriň pes orbitasyna çykardy. Kompaniýada hemralaryň ýitirilmeginiň sebäbi hökmünde 4-nji fewralda bolan geomagnit tolkuny bellenilýär.

Bu tebigy hadysa atmosferanyň gyzmagyna we pes belentliklerde onuň dykyzlygynyň ýokarlanmagyna getirýär. Şol bir wagtyň özünde, beýleki hemralar bilen çaknyşmak howpy nola deň, sebäbi gurluşynyň aýratynlyklary sebäpli Starlink atmosfera girende dargaýar diýip, kompaniýa belledi.