Awstraliýada soňky 62 ýylda iň ýokary temperatura hasaba alyndy

Awstraliýada soňky 62 ýylda iň ýokary temperatura hasaba alyndy

Awstraliýaly meteorologlar yklymda soňky 62 ýylda iň ýokary temperaturany hasaba aldylar. Ol Selsiý boýunça 50,7 gradus boldy. Bu barada Awstraliýanyň Meteorologiýa gullugy Twitterde habar berdi diýip, TASS belleýär.

Şeýle temperatura penşenbe güni yklymyň günbataryndaky Pilbara sebitinde ýokarlandy. Bu sebit özüniň yssy we gurak klimaty bilen bellidir, ýöne ýylyň bu döwründe ol ýerdäki temperatura, adatça Selsiý boýunça 30 gradusdan geçmeýär.

ABŞ-nyň Milli umman we atmosfera gözlegleri edarasynyň maglumatlaryna görä, soňky onýyllyk meteorologiýa gözegçiliginiň taryhynda iň yssysy boldy. Munuň, esasan, ýangyjyň gazylyp alynýan görnüşlerini çykarmakda we ulanmakda işlenip çykýan bug gazlarynyň zyňyndylary bilen baglanyşyklydygy bellenilýär.

Awstraliýanyň kömür senagaty ony atmosfera kömürturşy gazy zyňyndylarynyň dünýädäki iň uly çeşmeleriniň birine öwürdi. Şeýle-de bolsa, ýurduň hökümeti kömür çykarmakdan ýüz öwürmek islemeýär, sebäbi bu iş orunlarynyň azalmagyna, netijede sosial-ykdysady meseleleriň ýitileşmegine getirer.