Hususy pudakda iş alyp barýanlaryň 10-syna ýubileý medal berildi

Hususy pudakda iş alyp barýanlaryň 10-syna ýubileý medal berildi

Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini nazara alyp, şeýle hem Bitarap döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti degişli Permana gol çekdi.

Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlary «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglanylýar:

  • Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebiniň mugallymy Hojamuhammet Muhammedow,
  • «Altyn nesil» hojalyk jemgyýetiniň alyp baryjy inženeri Kakajan Täşliýew,
  • «Ýigit» hojalyk jemgyýetiniň esaslandyryjysy Eziz Agamuradowiç Dowranow,
  • «Ak-gaýa» hojalyk jemgyýetiniň direktorynyň orunbasary Şamurat Hojamowiç Apowow,
  • Balkan welaýatyndan telekeçi Myratdurdy Sapardurdyýewiç Näzliýew,
  • «Uly ynam» daýhan hojalygynyň esaslandyryjysy Merdan Baýramdurdyýewiç Atdaýew,
  • Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Lebap welaýaty boýunça bölüminiň müdiri Şöwket Ýagmyrowiç Kerimberdiýew,
  • Lebap welaýatyndan telekeçi Alym Gurbandurdyýewiç Joraýew,
  • «Erkin gurluşyk» hususy kärhanasynyň esaslandyryjysy Toýly Erkinowiç Çaryýew,
  • Mary welaýatyndan telekeçi Guwançmyrat Tirkişowiç Orazow.