Türkmenistandan iberilen ynsanperwerlik ýüki Owganystana gowşuryldy

Türkmenistandan iberilen ynsanperwerlik ýüki Owganystana gowşuryldy

14-nji dekabrda Türkmenistandan goňşy Owganystana azyk, dokma, hojalyk  harytlaryndan, şeýle-de nebit önümlerinden ybarat bolan ynsanperwerlik ýüki ugradyldy. Onuň gowşurylyş dabarasyna Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy. Owgan tarapyndan daşary işler ministriniň orunbasary Muhammat Abbas Stanikzai, Hyrat welaýatynyň häkimi Nur Ahmad Yslamjar, şeýle-de Owganystanyň beýleki degişli pudak edaralarynyň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar.  

Mälim bolşy ýaly, Hökümetiň şu ýylyň 10-njy dekabrynda geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana ynsanperwerlik kömeginiň berilmegi hakynda degişli Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, şu gün türkmen tarapy doganlyk owgan halkyna Türkmenistanda öndürilen dokma önümlerinden, azyk senagaty harytlaryndan ybarat bolan 1200 tonna mukdardaky dürli maksatly ýükleri, şol sanda nebit önümleri bilen doldurylan 20 sany demir ýol çeleklerini özünde jemleýän ynsanperwerlik kömeginiň gowşurylmagyny üpjün etdi.  

Ynsanperwerlik kömegini gowşurmak dabarasy tamamlanandan soňra, türkmen tarapynyň goldawy bilen gurlan Owganystanyň Akina şäherçesiniň täze metjidinde hem-de Turgundy şäherçesinde sadaka berildi.