Magnus Karlsen küşt boýunça dünýä çempiony diýen adyny möhletinden öň gorady

Magnus Karlsen küşt boýunça dünýä çempiony diýen adyny möhletinden öň gorady

Russiýaly grossmeýster Ýan Nepomnýaşiý bilen norwegiýaly Magnus Karlsen Dubaýda (BAE) dünýäniň küşt täji ugrundaky oýnuň 11-nji tapgyryny oýnadylar. Bu tapgyr duşuşyklaryň jemleýji oýnuna öwrüldi diýip.

Küşt boýunça dünýä çempionlygyna dalaşgär Nepomnýaşiý aklar bilen oýnady we çempionlyk ugrundaky bu duşuşyklarda dördünji ýeňlişine sezewar boldy. 11 oýundan soň hasap Karlseniň peýdasyna 7,5:3,5 boldy. Norwegiýaly grossmeýster öz çempionlyk adyny möhletinden öň gorady, sebäbi galan üç oýnuň üçüsinde-de ýeňiş gazanmak hem russiýaly türgene hasaby deňlemäge kömek edip bilmezdi.

Ýatlap geçsek, duşuşygyň ilkinji bäş oýny, şeýle hem ýedinji we onunjy oýunlary deňme-deň tamamlandy. Altynjy, sekizinji, dokuzynjy we 11-nji tapgyrlarda Karlsen çempionlyga dalaş edýän russiýaly bäsdeşini ýeňmegi başardy. Netijede, Karlsen 11 oýnuň hiç birinde hem ýeňilmän, çempionlyk adyny goramagy başardy.