Google öýünden işleýän işgärlerine $1600 tölär

Google öýünden işleýän işgärlerine $1600 tölär

Google kompaniýasy koronawirusyň täze omikron ştammynyň döremegi sebäpli öýünden işlemäge mejbur bolýan dünýädäki işgärlerine 1600 dollardan tölär. Reuters agentliginiň belleýşi ýaly, bu tejribe geçýänlere-de degişli bolar. Bu barada Day.Az habar berýär.

Kompaniýanyň wekili bu mukdaryň koronawirus pandemiýasy döwründe işgärlere goldaw bermek üçin niýetlenendigini we öýden işleýändigi üçin berilýän pullara we bonuslara goşmaça boljakdygyny belledi. Kompaniýanyň bu maksatlar üçin näçe pul bölüp berjekdigi habar berilmeýär.

Dekabr aýynda Google COVID-19-yň omikron ştammynyň döremegi sebäpli işgärleriniň ofislere çykmagyny ýene-de yza süýşürmek kararyna geldi. Munuň ýene bir sebäbi käbir işgärleriň sanjym almagy islemezligi boldy. Mundan öň Google 2022-nji ýylyň 10-njy ýanwaryndan işgärleri ofislere gaýtarmagy meýilleşdiripdi. 

Koronawirusyň omikron ştammy bilen kesellemegiň esasy alamatlary gowşaklyk, temperatura, kellagyry, üsgülewük we işdäniň bolmazlygydyr. 

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy omikronyň beýleki ştammlary gysyp çykaryp biljekdigini we ýakyn wagtda Ýewropadaky hassalaryň ýarysynyň hut şu görnüş bilen kesellejekdigini inkär etmeýär. Şol bir wagtyň özünde, guramanyň hünärmenleri täze ştamm bilen kesellänler COVID-19-y has ýeňil geçirýärler diýen netijä geldiler.