6-njy dekabr: Türkmenistanyň çäginde boljak howanyň ýagdaýy

6-njy dekabr: Türkmenistanyň çäginde boljak howanyň ýagdaýy

TmCars.info Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň 6-njy dekabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatyny siziň dykgatyňyza ýetirýär.

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, irden ümürli bolmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +3... +5°, gündizine +12... +14° maýyl bolar. Howanyň basyşy 742 mm, çyglylygy 60 — 80%.
Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, irden ümürli bolmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 6 — 8 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +2... +4°, gündizine +11... +13° maýyl bolar. Howanyň basyşy 711 mm, çyglylygy 65 — 85%.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar, ümürli bolmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +3... +8°, gündizine +11... +16°, kenarýaka etraplarynda +6... +11° maýyl bolar.
Türkmenbaşy şäherinde: howa +9... +11°, basyşy 756 mm, çyglylygy 55 — 75%.
Awazada: howa +8... +10°, basyşy 764 mm, çyglylygy 60 — 80%.
Balkanabat şäherinde: howa +12... +14°, basyşy 763 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ümürli bolmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +1... +6°, gündizine +10... +15°, günorta-gündogar etraplarynda +18° çenli maýyl bolar.
Änew şäherinde: howa +13... +15°, basyşy 747 mm, çyglylygy 65 — 85%.
Tejen şäherinde: howa +14... +16°, basyşy 748 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ümürli bolmagy mümkin. Günorta-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +1... +6°, gündizine +14... +19° maýyl bolar.
Mary şäherinde: howa +15... +17°, basyşy 742 mm, çyglylygy 55 — 75%.
Baýramaly şäherinde: howa +16... +18°, basyşy 741 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... +5°, gündizine +10... +15°, günorta etraplarynda +18° çenli maýyl bolar.
Türkmenabat şäherinde: howa +13... +15°, basyşy 746 mm, çyglylygy 60 — 80%.
Kerki şäherinde: howa +16... +18°, basyşy 741 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -3° sowukdan +2° çenli, gündizine +6... +11° maýyl bolar.
Daşoguz şäherinde: howa +8... +10°, basyşy 757 mm, çyglylygy 55 — 75%.
Köneürgenç şäherinde: howa +7... +9°, basyşy 758 mm, çyglylygy 60 — 80%.