Ýewropa çäklendirmelere gaýdyp gelýär

Ýewropa çäklendirmelere gaýdyp gelýär

Koronawirus bilen bagly ýagdaýlaryň ýaramazlaşmagy sebäpli, Ýewropada çäklendirmeler gaýtadan dikeldilip başlandy. Ýagny, Belgiýada kowid bilen kesellemegiň birden artmagy hasaba alyndy. Mundan başga-da, hassalaryň birinde GAR-dan koronawirusyň täze ştammy ýüze çykaryldy we şol sebäpli ýerli häkimiýetler çäklendiriji çäreleri güýçlendirýärler. Hususan-da, barlar, restoranlar we dükanlar sagat 23:00-dan gijä galman ýapylmaly bolar diýip, euronews.com habar berýär. 

- Gynansak-da, gijeki klublar we diskotekalar ýene ýapylmaly bolar we meniň pikirimçe, bu örän berk çäre. Geçen hepde biz çözgüt tapmagy başardyk diýip pikir edipdik we biz bu çäräniň nähili derejede ýaramaz kabul ediljekdigini bilýäris. Şeýle-de bolsa, häzir adamlaryň birek-birege gaty ýakynlaşmagyna ýol bermezlik has möhümdir” – diýip, Belgiýanyň premýer-ministri Aleksandr De Kroo aýtdy.

Keseliň täze ýaýrawynyň hasaba alnan ýeri bolan Niderlandlarda hem koronawirus ýokanjyna garşy göreş çäreleri güýçlendirilýär. Dükanlaryň  köpüsi, teatrlar, muzeýler, restoranlar we sport zallary ýekşenbe gününden başlap 17:00-da ýapylar. Mekdepler çagalaryň arasynda has köp keselliniň ýüze çykarylandygyna garamazdan, işini dowam etdirer.

Ispaniýada we Portugaliýada kesel derejesi Ýewropanyň köp ýurtlaryna garanyňda pes, şeýle-de bolsa bu ýerde hem öň ýatyrylan çäklendirmeler gaýtadan dikeldildi, hatda täze çäklendirmelerem girizildi. Kataloniýada ýakyn wagtda kowid-pasportlaryny barlara, restoranlara, türgenleşik zallaryna we gijeki klublara barmak üçin hökmany etmek meýilleşdirilýär.

Ilatynyň 86%-ine sanjym edilen Portugaliýada iki aý mundan öň ýatyrylan çäklendirmeler ýene-de güýje girýär. Dekabr aýyndan başlap, ýapyk ýerlerde gorag örtüklerini hökman dakynmaly, kinoteatrlara, myhmanhanalara we restoranlara barmak üçin kowid-şahadatnamalaryny görkezmeli bolar.