Brent nebitiniň bahasy ICE biržasynda bir barrel üçin 75,18 dollara ýetdi

Brent nebitiniň bahasy ICE biržasynda bir barrel üçin 75,18 dollara ýetdi

2022-nji ýylyň ýanwar aýyndaky üpjünçilik bilen Brent söwda belgili nebit üçin fýuçers bahasy Londonyň ICE biržasynda 5,01% ýokarlanyp, bir barrele 75,18 dollara ýetdi. Muny Aşgabat wagty bilen sagat 5:59-da söwda meýdançasynyň maglumatlary delillendirýär.

Şol bir wagtda WTI söwda belgili nebit üçin fýuçers bahasy 5,62%, ýagny barreline 71,98 dollara çenli ýokarlandy diýip, TASS habar berýär. 
Sagat 6:07-ä çenli Brent söwda belgili nebit barreline 74,62 dollar derejesinde satyldy (+4,23%). WTI söwda belgili nebit üçin fýuçers bahasy 4,93% ýokarlanyp, barreline 71,51 dollara ýetdi.
Mundan öň, Afrikanyň günortasyndaky birnäçe ýurtda ýüze çykarylan COVID-19-yň täze ştammynyň Ýewropada peýda bolandygy baradaky habaryň esasynda nebitiň bahalary birden pese gaçdy, ýagny ol 10%-den gowrak pese düşüp, barreline 72 dollara ýetdi.